«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag şäheri boýunça tapgyry ýaşlaryň 10-syny bir ýerde jemledi. «Akylly» şäheriň «Oguz han» seýilgähinde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly gözden geçiriliş joşgunly konserte öwrüldi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, şu gezekki bäsleşige gatnaşanlaryň köpüsi Arkadag şäheriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alan ýaşlar boldy.
Eminlerdir tomaşaçylar her bir gatnaşyjynyň başarnygyna, sungat ýoluna görä, ýerine ýetiriş usullaryna aýratyn üns berdiler. Olaryň ses mümkinçilikleri, ýerine ýetiriş ussatlygy aýratyn seljerilip, iň tapawutlananlar ýeňiji diýlip yglan edildi.
Şeýlelikde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň talyby Remezan Goşaýew hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby Perhat Esenow telebäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.