Ugandanyň Masaka şäherinde 100-den gowrak meýletinçi Ebola wirusynyň seýrek duş gelýän Bundibugio görnüşine garşy işlenip düzülen synag sanjymynyň kliniki synaglaryna gatnaşar. Häzirki wagtda bu wirusyň ýaýramagy Afrikanyň birnäçe ýurdunda hasaba alynýar.
Sanjymy işläp taýýarlamak bilen Oksford uniwersitetiniň waksinologiýa boýunça hünärmenler topary meşgullanýar. Bu topar ozal koronawirusa garşy AstraZeneca sanjymynyň döredilmegine hem gatnaşypdy. Şeýle hem Ebolanyň bu ştamyna garşy sanjymyň üstünde Moderna kompaniýasy we täjirçilik maksady bolmadyk IAVI biotehnologiýa guramasy hem işleýär.
Kliniki synaglaryň ilkinji tapgyrynyň esasy maksady taýýarlygyň howpsuzlygyny bahalandyrmakdan ybaratdyr. Synaglar Beýik Britaniýanyň Lukmançylyk barlaglary geňeşiniň Ugandanyň Wirusologiýa barlaglary institutynda ýerleşýän ylmy bölümi bilen bilelikde geçirilýär. Beýik Britaniýa Ebolanyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 29 million funt sterling möçberinde maliýe goldawyny bölüp berdi. Bu serişdeleriň bir bölegi degişli ylmy barlaglary maliýeleşdirmäge gönükdiriler.
The Telegraph neşiriniň maglumatlaryna görä, häzirki wagta çenli Ugandada Ebola bilen kesellän 20 ýagdaý hasaba alyndy. Goňşy Kongo Demokratik Respublikasynda bolsa soňky iki aýyň dowamynda takmynan 1700 ýagdaý ýüze çykaryldy. Hünärmenler bu keseliň ýaýramagyny Ebolanyň taryhyndaky iň çalt ösýän epidemiýa hökmünde häsiýetlendirýärler. Kongo bilen araçäginiň uzyn bolup, onuň doly gözegçilik edilmeýändigi sebäpli, Uganda hem ýokary töwekgelçilik zolagynda galýar.
Taslamanyň guramaçylarynyň bellemegine görä, ilkinji tapgyryň netijeleri oňyn bolan ýagdaýynda, eýýäm oktýabr aýynda ýokançlyga gönüden-göni sezewar bolmak howpy ýokary bolan adamlaryň gatnaşmagynda kliniki synaglaryň has giň gerimli üçünji tapgyryna badalga berlip bilner.