Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň «Kitçi» futbol kluby bilen şertnamasyny ýene bir möwsüme uzaltdy.
Ýekşenbe güni Ruslan Mingazow «Kitçi» klubunyň 2026/27 möwsümi üçin taýýarlanan täze oýun lybaslarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy. Futbolçy bu barada sosial ulgamlardaky sahypasynda: «2026–2027-nji möwsümi üçin «Kitçi» klubunyň oýunçylarynyň öýde we myhmançylykda geýjek futbol lybaslarynyň, şeýle hem täze möwsümiň futbol toplumynyň tanyşdyrylyşy. Siziň pikiriňiz nähili?» — diýip, ýazdy.
34 ýaşly Ruslan Mingazow «Kitçi» toparynyň düzüminde 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri çykyş edýär. Geçen möwsümde ol toparyň esasy oýunçylarynyň biri bolup, milli çempionatda 4 pökgi geçirip, 8 gezek netijeli pas berdi. Şeýle hem ol ilkinji gezek «Kitçi» toparyny kapitanlyk daňysy bilen meýdança çykardy. 2025/26 möwsüminiň jemleri boýunça «Kitçi» Gonkongyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy.