Turkmenportal saýtynda Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleri baradaky maglumatlary özünde jemleýän täze «Dalaşgär» bölümi işe girizildi. Bu bölüm mekdep uçurymlaryna we olaryň ene-atalaryna ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek bilen bagly maglumatlary aňsat tapmaga hem-de özlerine laýyk okuw mekdebini saýlamaga ýardam bermek maksady bilen döredildi.
Bölümde ýurduň ähli ýokary okuw mekdepleriniň doly sanawy, olarda hereket edýän fakultetler we taýýarlyk ugurlary barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi. Şeýle hem her bir ýokary okuw mekdebiniň salgysy, telefon belgileri we kabul ediş toparlary bilen habarlaşmak üçin zerur bolan beýleki maglumatlar görkezilýär.
Bölümde resminamalary tabşyrmagyň tertibine hem aýratyn üns berilýär. Ulanyjylar talap edilýän resminamalaryň sanawy, dalaşgärlere bildirilýän talaplar hem-de giriş synaglarynyň tapgyrlary bilen tanşyp bilerler. Mundan başga-da, resminamalary kabul etmegiň we giriş synaglaryny geçirmegiň möhletleri barada hem maglumatlar elýeterlidir.
Täze bölüm maglumatlary gözlemegi has amatly etmek maksady bilen yzygiderli gurluşda taýýarlanyldy. Ulanyjylar ilki ýokary okuw mekdepleriniň umumy sanawy bilen tanşyp, soňra özlerini gyzyklandyrýan okuw mekdebi barada giňişleýin maglumatlara geçip bilerler. Turkmenportalyň işläp düzüjileri bölümdäki maglumatlaryň ýokary okuw mekdeplerinden gelip gowuşýan iň täze maglumatlara laýyklykda yzygiderli täzelenjekdigini belleýärler.