Turkmenportal logo
13.07.2026
1005510055
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanda howanyň hiline gözegçilik edýän internet-portaly işe girizildi

Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Daşky gurşawy goramak baradaky komitetiň Meteorologiýa agentligi ýurtda howanyň hiline gözegçilik etmäge niýetlenen internet-portaly işe girizdi. Portal airquality.meteo.tj salgysynda elýeterlidir we täjik, rus hem-de iňlis dillerinde işleýär. Onda ulanyjylara ýurtdaky howanyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlar hödürlenýär.

Bu edaranyň berýän maglumatlaryna görä, Täjigistanyň dokuz sebitinde howanyň hiline gözegçilik edýän awtomatiki stansiýalar oturdyldy. Olaryň altysy ýurduň paýtagty Duşenbede ýerleşýär. Hususan-da, S. Aýni adyndaky Medeni-dynç alyş seýilgähinde, Rudaki şaýolunda, Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň S. Umarow adyndaky Fizika we tehnika institutynyň çäginde, Halkara Prezident mekdebinde, şeýle hem 65-nji we 103-nji ýaşaýyş toplumlarynda ýerleşdirildi. Galan üç stansiýa Kulýab, Wahdat we Hisor şäherlerinde işleýär.

Portalda gözegçilik stansiýalarynyň ýerleşişini görkezýän interaktiw karta, diametri 10 mikron (PM-10) we 2,5 mikron (PM-2,5) bolan asylan bölejikleriň toplanmasyny görkezýän grafikler, şol maglumatlaryň esasynda hasaplanýan howanyň hiliniň görkezijisi (AQI), şeýle hem ilat üçin maglumat beriji materiallar we maslahatlar ýerleşdirilendir.

Saýtyň ulanyjylary howanyň hiliniň ählumumy görkezijisi, howanyň ýagdaýy, PM-2,5 bölejikleriniň toplanmasy, şeýle hem temperatura, ýeliň tizligi we howanyň çyglylygy ýaly meteorologik görkezijiler barada maglumat alyp bilerler. Mundan başga-da, portala PM-2,5 we PM-10 görkezijileri boýunça gözegçilik nokatlarynyň sanawy, olaryň ýerleşiş kartasy, howanyň hapalanma derejesiniň üýtgeýşini görkezýän grafikler, aýratyn gözegçilik stansiýalarynyň bahalandyrmasy hem-de ekologik ýagdaý ýaramazlaşan halatynda ilat üçin lukmançylyk maslahatlary hem ýerleşdirildi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, dokuz gözegçilik stansiýasynyň görkezijileriniň esasynda ýurt boýunça howanyň hiliniň ortaça görkezijisi hasaplanyldy. Kartada görkezilýän görkeziji howanyň hakyky ýagdaýyna esaslanýar. Taslamany işläp düzüjileriň bellemegine görä, bu portal ýurtda howanyň hiline baha bermek üçin ählumumy modeller ulanylýan ilkinji internet çeşmesidir.