Turkmenportal logo
Şu gün 13:47
56645664
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Global Academy Consulting «TÖMER» okuw wizasyny resmileşdirmäge ýardam edýär

«Global Academy Consulting» Türkiýäniň öňdebaryjy döwlet ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Gazi uniwersitetiniň ýanyndaky «TÖMER» türk dili boýunça okuwlara kabul edişlik yglan etdi. Resmi sertifikat almak üçin synag 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Stambul şäherinde geçiriler. Guramaçylar synagda ýerleriň sanynyň çäklidigini duýdurýarlar.

Alynjak «TÖMER» sertifikaty ýurduň beýleki ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Stambul Aýdyn uniwersiteti (İstanbul Aydın Üniversitesi), Stambul Okan uniwersiteti (İstanbul Okan Üniversitesi) we başga-da birnäçe ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ykrar edilýär hem-de geljekde okuwa girmek üçin peýdalanylyp bilner. Okuw maksatnamasy tejribeli mugallymlar bilen taýýarlygy, hakyky şertlere has ýakynlaşdyrylan synag görnüşini we netijeleriň Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmegini öz içine alýar.

Synaga ýazylmak we maslahat almak üçin «Global Academy Consulting» kompaniýasynyň Stambul şäheriniň Şirinewler etrabynda ýerleşýän edarasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Kompaniýanyň hünärmenleri bu maksatnama gatnaşmagyň diňe bir türk dil biliminiň derejesini tassyklaýan resminama almak mümkinçiligi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, uniwersitede girmek, professional ösüş we ýurtda kanuny esasda bolmak ugrunda ilkinji ädimdigini belleýärler.

Ýerleriň sanynyň çäklidigini nazara alyp, guramaçylar maslahat almak we synaga ýazylmak üçin iň gysga wagtda kompaniýanyň hünärmenlerine ýüz tutmagy maslahat berýärler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Tel.: 0553 461 11 39, 0505 000 11 39, 0507 045 77 88

Poçta: globalvisaconsulting@gmail.cominfo@globalmediatravel.com.tr

Web-saýt: globalmeditravel.com.tr

Sosial ulgamdaky sahypasy.