Turkmenportal logo
Şu gün 13:15
38483848
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidentine çakylyk gowşurdy

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B. Rejepow bilen Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew 10-njy iýulda duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Rustam Baýalyýewe 4–6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek Atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurdy.

Taraplar atçylyk sporty ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, milli atşynaslyk däplerini gorap saklamak we wagyz etmek bilen bagly meseleler, şeýle hem bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler ahalteke bedewleriniň dünýä atşynaslygyndaky aýratyn ähmiýetini belläp, atçylyk sportunyň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny nygtadylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Niderlandlar Patyşalygynda Atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyny hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirer.