Turkmenportal logo
Şu gün 12:51
41294129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanlylar Serdar Berdimuhamedowy gallaçylaryň zähmet ýeňşi bilen gutlaýarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren gallaçylaryň gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Hatlary iberenler Türkmenistanyň Prezidentini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýärler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Serdar Berdimuhamedowy şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutana Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanyna ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.