Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 16 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, eksporta tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, pagta ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, jins we nah matalar, jins çadyrlar, arassalanan dokma önümleriniň galyndylary, şeýle hem suw gyzdyryjy enjamlar we santehnika önümleri ýerlenildi.
Bu önümleriň alyjylary Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri boldular. Baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 3 million 297 müň ABŞ-nyň dollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, bugdaý ununy, nah ýüplügini, çig ýüpegi we pagta süýümini satyn aldylar. Içerki bazardaky geleşikleriň umumy bahasy 128 million 216 müň manada deň boldy.