«Ak şäherim Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Aýdym-saz sungatyna höwesjeň ýaşlaryň 10-sy bezemen sahnada joşgunly çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, şeýle hem welaýat, şäher häkimlikleri tarapyndan her ýyl guralýan bäsleşik ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olary täze üstünliklere ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynda çykyş edenleriň hersi aýdym-saz sungatyndaky döredijilik ýoluny we ukyp-başarnygyny görkezýän bir aýdymy ýerine ýetirdi.
Eminler çykyşlara baha berenlerinde, ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, sahnada özlerini alyp barşyna uly üns berdiler. Olaryň gelen netijesine laýyklykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Kerem Atabaýew hem-de paýtagtyň ýaşaýjysy, çeper höwesjeň Söýli Aşyrmyradowa telebäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.