Türkmenistanda ýyrtyjy guşlaryň 40-a golaý görnüşi duş gelýär. Olaryň iň ulusy gajar guşlardyr. Tebigatda onuň sany örän az bolandygy sebäpli, ol Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Oturan ýagdaýynda guşuň boýy 1 metrden hem geçýär, ganatlarynyň gerimi 3 metre çenli ýetýär, agramy bolsa 6–7,5 kilogram bolýar.
Bu äpet guşuň ganatlaryndaky we guýrugyndaky ýelekleri gara reňkde bolup, bedeniniň beýleki böleklerindäki ýelekleri goýy goňurdyr. Kellesi bilen boýnunyň reňki hem goňur bolsa-da, uzakdan seredeňde gajar guşy doly gara reňkde ýaly bolup görünýär.
Tebigatda ýaşaýan her bir ýyrtyjy guş daşky gurşawyň tebigy deňagramlylygyny saklamakda möhüm orun eýeleýär. Olaryň käbiri gemrijileri awlap, agaçlary we gyrymsy ösümlikleri zyýankeşlerden goraýar. Beýlekileri agsak, syrkaw ýa-da ýaralanan haýwanlary awlaýar. Gajar guş bolsa maslyk bilen iýmitlenip, tebigy sebäpler bilen ölen haýwanlaryň läşlerini ýok edýär. Şeýlelikde, ol tebigatyň arassalygyny üpjün edýän möhüm guşlaryň biridir.
Türkmenistanda gajar guşlar diňe bir Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda däl, eýsem Uly Balkan daglarynda, Köpetdagda, Amyderýanyň, Murgap derýasynyň we beýleki derýalaryň töwereklerinde hem duş gelýär.
kert gaýalarynyň erňeklerinde, çöketligiň gum basan ýerlerinde gara sazak düýplerinde höwürtge gurýarlar.
Bathyzda gajar guşlar oturymly ýaşaýyş ýörelgesini alyp barýarlar. Olar höwürtgelerini Gyzyljar, Ýeroýlanduz ýaly ýerlerdäki kert gaýalaryň erňeklerinde, pisse tokaýlarynyň gür ösýän böleklerinde, şeýle hem çöketlikdäki çägelik ýerlerde ösýän gara sazaklaryň düýplerinde gurýarlar. Gajar guşlar köplenç höwürtgelerini suw çeşmeleriniň golaýynda, töweregi giňden synlamaga amatly we güýçli howa akymlarynyň täsiri az bolan ýerlerde hem gurýarlar.
Gajar guşlar bir höwürtgäni birnäçe ýylyň dowamynda ulanýarlar. Wagtyň geçmegi bilen höwürtge könelip, güýçli ýellerde ýykylmak howpy ýüze çykanda, olar täzesini gurýarlar.
Bir jübüt gajar guş ýylyň dowamynda bary-ýogy bir ýumurtga goýýar. Bu bolsa olaryň tebigy sanynyň haýal artmagynyň esasy sebäpleriniň biridir. Gajar guşlaryň jüýjeleri maý aýynyň ortalaryndan ahyryna çenli ýumurtgadan çykýarlar. Iýun we iýul aýlarynda yssy howada uly guşlar ganatlaryny giňden gerip, jüýjeleriniň üstünde saýa döredip, olary aşa gyzmakdan goraýarlar. Nesle ideg etmekde ene hem-de ata guş deň derejede gatnaşýar.
Gajar guşlar ulaldygyça olaryň ak ýumşak tüýleri hakyky ýelekler bilen çalşylýar. Awgust aýynda bolsa olar uçmagy öwrenýärler we uzakdan seredilende iri laçyna meňzeýärler. Bu bolsa täze nesliň tiz wagtdan uly guşlaryň toparyna goşuljakdygyny alamatlandyrýar.