Turkmenportal logo
Şu gün 20:35
34533453
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen okuwçysy «IMEC 2026» halkara matematika olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 26 – 30-njy iýuny aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde «International Mathematics Excellence Competition» (IMEC) halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýäniň 22 döwletinden okuwçylar gatnaşdy.

Türkmenistana Aşgabat şäheriniň 130-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Nurýagdy Meredow wekilçilik etdi. Ol bu halkara bäsleşikde logiki matematika ugry boýunça 2-nji orny eýeläp, kümüş medal bilen sylaglandy.

Nurýagdynyň bu üstünligi Türkmenistanyň halkara ylym giňişligindäki abraýyny beýgeltmek bilen, bilim ulgamynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär.

«IMEC 2026» halkara matematika olimpiadasybaşlangyç we orta synp okuwçylaryň arasynda geçirilýär. Onuň esasy maksady — çagalary matematika bilen içgin tanyşdyrmakdan, olaryň logiki we analitik pikirleniş ukyplaryny artdyrmakdan ybaratdyr.