Turkmenportal logo
Şu gün 13:55
60976097
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
UFC 329-da Makgregor — Holloueý tutluşygyna nirede tomaşa etmeli?: «Beletde» göni ýaýlym

Rowaýaty irlandiýaly Konor Makgregor gawaýaly Maks Holloueý bilen Las-Wegasdaky «T-Mobile Arena» meýdançasynda ýekşenbe gijesi, 12-nji iýulda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda haklaşyk duşuşygyny geçirer. Bu Makgregoryň 2021-nji ýyldan bäri ilkinji tutluşygy bolar.

Duşuşyk ýarymorta agramda bolar — ozal ýarymýeňil agramda çykyş eden Holloueý bu derejede ilkinji gezek güýç synanyşar. Türgenler mundan ozal 2013-nji ýylyň awgustynda, ikisi hem UFC-däki ýolunyň başynda okatgonda duşuşypdylar we şonda eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Makgregor ýeňiş gazanypdy.

Makgregoryň iň soňky tutluşygy 2021-nji ýylyň 10-njy iýulynda UFC 264 ýaryşynda Dastin Puarýe garşy bolupdy — şonda irlandiýaly pälwanyň aýagynyň döwülmegi sebäpli duşuşyk möhletinden öň tamamlandy. Maýkl Çendler bilen 2024-nji ýylda meýilleşdirilen tutluşyk bolsa şikesi zerarly ýatdyrylypdy.

Ýaryş 14 duşuşygy öz içine alýar, esasy kard sagat 21:00-da (ABŞ-nyň gündogar wagty bilen) başlaýar, bu bolsa, takmynan, Aşgabat wagty bilen sagat 06:00-a gabat gelýär. Türkmenistandaky we sebitiň beýleki ýurtlaryndaky tomaşaçylar üçin ýaryş göni ýaýlymda «Belet» platformasynda elýeterli bolar.