Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek boýunça guramaçylyk topary dörediler. Bu barada 10-nji iýulda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dabaraly ýagdaýda geçiriljekdigini, mejlisde berkarar döwletiň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemlenip, öňde duran möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýurduň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge düýpli taýýarlyk görüp başlamalydygyny belläp, döwlet Baştutany: «Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek, ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýip nygtady.
Bellenilişi ýaly, bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir. Şeýle-de geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr.