Türkmenistanda şu ýylyň alty aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, ösüş depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilen şu ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda öndürilen önüm jemi 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim artdy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.