«Muhammet» ady yzly-yzyna üçünji ýyl Angliýada we Uelsde täze doglan oglanjyklara dakylýan iň meşhur atlaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Milli statistika edarasynyň (ONS) maglumatlarynda habar berilýär.
2025-nji ýylda 5 müň 957 oglanjyga Muhammet ady dakyldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 236 çaga köpdür. Ikinji orunda 4 müň 75 gezek dakylan «Noa» ady, üçünji orunda 3 müň 278 gezek saýlanan «Leo», dördünji orunda bolsa 3 müň 266 oglanjyga dakylan «Luka» ady ýerleşdi. Şeýle hem ilkinji onluga Artur, Oliwer, Jorj, Oskar, Teodor we Freddi atlary girdi.
Milli statistika edarasynyň bellemegine görä, sanaw düzülende diňe «Muhammet» adynyň hut şu görnüşde ýazylyşy hasaba alyndy. «Mohammed» we «Mohammad» görnüşleri bolsa aýratyn atlar hökmünde hasaplanyp, degişlilikde 20-nji we 55-nji orunlary eýeledi. Bu iki görnüş boýunça hem goşmaça takmynan 2 müň 600 çaga şol atlar dakyldy.
Täze doglan gyzjagazlaryň arasynda bolsa «Oliwiýa» ady yzly-yzyna onunjy ýyl iň meşhur at boldy. 2025-nji ýylda bu at 2 müň 386 gyza dakyldy. Ikinji orna «Lili» ady çykyp, «Ameliýa» adyndan öňe geçdi. Ondan soňra bolsa «Aýla» we «Florens» atlary ýerleşdi.
2025-nji ýylda Angliýada we Uelsde jemi 585 müň 396 çaga dünýä indi. Şolaryň 300 müň 715-si oglan, 284 müň 681-si bolsa gyz boldy.