Ispaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Belgiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Inglwud şäherinde geçirildi.
Ýeňiji toparyň düzüminde gollary Fabian Ruis (30-njy minutda) we Mikel Merino (88-nji minutda) geçirdi. Belgiýanyň ýygyndysynyň ýeke-täk goluny bolsa Şarl De Ketelare 41-nji minutda geçirdi.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy şu dünýä çempionatynda ilkinji gezek gol goýberdi. Toparyň derwezeçisi Unai Simon dünýä çempionatlarynda 649 minutlap gol goýbermezlik bilen dowam eden rekord tapgyryny tamamlady. Duşuşygyň 71-nji minutynda bolsa Belgiýanyň derwezeçisi Tibo Kurtua şikes alandygy sebäpli meýdançany terk etdi we onuň ornuna Senne Lammens meýdança çykdy.
Mikel Merino ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan meýdança çykyp, yzly-yzyna ikinji duşuşykda ýeňiş goluny geçirdi. Mundan ozal ol 1/8 finalda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirilen oýnunda hem tapawutlanypdy (1:0).
Ispaniýanyň milli ýygyndysy öz taryhynda üçünji gezek dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy. Topar 2010-njy ýylda dünýä çempiony bolup, altyn medala mynasyp boldy, 1950-nji ýylda bolsa dördünji orny eýeledi. Belgiýanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatlaryndaky iň ýokary netijesi 2018-nji ýylda gazanan bürünç medalydyr.
Ýarym finalda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Fransiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 14-nji iýulda geçiriler.