Turkmenportal logo
Şu gün 11:52
68486848
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi

Anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň, şeýle hem halylaryň we haly önümleriniň söwdasyny guramakda halkara tejribesiniň nazara alynmagynyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurduň dokma senagatynda täze önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň hem-de edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem bu işlerde hususy pudagyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.

Ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen ösen döwletleriň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda wise-premýer N.Atagulyýewe anyk tabşyryklar berildi.