Turkmenportal logo
Şu gün 10:33
83008300
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda bank karzlarynyň möçberi artdy

Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň banklary tarapyndan ykdysadyýeti ösdürmek üçin berlen karzlaryň möçberi 7,4 göterim, hususy pudaga berlen karzlar 23,6 göterim, fiziki şahslara berlen karzlar bolsa 24,5 göterim artdy.

Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy T.Mälikow 2026-njy ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýurduň bank ulgamynyň alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.

Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda raýatlara Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň möçberi 17,6 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şeýle hem ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmagyň, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň we sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Mundan başga-da, wise-premýere halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek tabşyryldy.