Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurduň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi mynasybetli dabara geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Oba hojalyk toplumynda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşiniň hormatyna geçirilen dabarada her welaýatyň ýaş wekilleri hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy edermen daýhanlaryň gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli ýurduň ýeten derejesini, beýik zähmet ýeňişlerini we edermen daýhanlaryň yhlasly tagallalaryny wasp edýän joşgunly goşgularyny aýtdylar. Dabara gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna ýurtda bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Şeýle hem wise-premýer ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanyna oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan ajaýyp ajaýyp halyny sowgat gowşurdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini ýurtda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutladylar.
Dabaranyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy babadaýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen berjaý etmekleriniň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutany edermen gallaçylary we ähli oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.