Turkmenportal logo
Düýn 23:13
1986319863
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda harbylar üçin täze ýubileý medal dördildi

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi. Bu baradaky Türkmenistanyň Kanunyna Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, degişli Kanun metbugatda dolulygyna çap ediler.