Turkmenportal logo
Şu gün 17:26
24522452
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Belgiýa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň Migrasiýa gullugynyň baş direktory Freddi Rozemont bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň migrasiýa edaralarynyň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

​Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň hukuklaryny goramak, migrasiýa syýasaty boýunça tejribe alyşmak we pudaklaýyn gulluklaryň arasynda gönüden-göni iş gatnaşyklaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

​Ilçi raýatlaryň halkara derejedäki hereketliliginiň artýandygyny belläp, şahsyýeti tassyklamak, resminamalary dikeltmek we konsullyk kömegini bermek babatda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem taraplar migrasiýa ulgamynda ikitaraplaýyn resminamany taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

​Belgiýanyň migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň başlangyçlaryna oňyn baha berip, hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi. Belgiýa tarapy tejribe alyşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Belgiýa saparyny guramagy teklip etdi, şeýle-de öz wekilleriniň Türkmenistana jogap sapary bilen barmaga taýýardyklaryny tassyklady.

​Taraplar Türkmenistanyň Benilüks ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäginde diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza düzgünlerini ýönekeýleşdirmek barada pikir alyşdylar.

​Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar gatnaşyklary dowam etmäge we migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemäge taýýardyklaryny bildirdiler.