11-nji iýundan 9-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň dürli künjeklerinden bolan 100-den gowrak çaga sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geçirilen interaktiw okuw sapaklaryna gatnaşdy. Bu çäreleriň maksady çagalaryň öz hukuklary baradaky bilimlerini giňeltmek, şeýle hem olarda öz hukuklaryny we deň-duşlarynyň hukuklaryny goramak endiklerini ösdürmekden ybarat boldy.

Okuw sapaklary Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion maglumat merkezi, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany (Ombudsmen) hem-de ÝUNISEF tarapyndan bilelikde guraldy.
Türkmenabat şäherinde, Tejen şäherinde we Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde geçirilen okuw sapaklarynda çagalar interaktiw oýunlaryň, toparlaýyn işleriň we dostlukly gurşawdaky pikir alyşmalaryň üsti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda konwensiýasynyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyryldy.

Gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň (Ombudsmen) we ÝUNISEF-iň Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmekde hem-de goramakdaky orny barada maglumat aldylar.

Interaktiw okuw-türgenleşikleriň we döredijilik häsiýetli okuwlaryň dowamynda çagalar Konwensiýanyň esasy ýörelgeleri, şol sanda bilim almaga, goraga, jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga hem-de hemmetaraplaýyn ösüşe bolan hukuklary bilen tanyşdylar. Okuw sapaklary olara öz pikirlerini erkin beýan etmäge, başgalaryň pikirine hormat goýmaga hem-de ähli çagalaryň deň hukuklara eýedigine düşünmäge ýardam berdi.