Turkmenportal logo
Şu gün 11:49
33903390
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mask ýakyn on ýylyň dowamynda SpaceX kompaniýasynyň müňden gowrak adamy Marsa iberjekdigini beýan etdi

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask bu kompaniýanyň ýakyn bäş ýylyň dowamynda ilkinji adamlary Marsa ibermegi, on-on iki ýylyň içinde bolsa bu sany müňlerçe adama ýetirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada milliarder Tehas ştatynyň gubernatory Greg Ebbot bilen geçirilen söhbetdeşlikde mälim etdi. Söhbetdeşlikde Ebbot wagtlaýynça Şon Hennitiniň radio gepleşigini alyp bardy — diýip, Forbes neşiri habar berýär.

Maskyň sözlerine görä, Marsa amala aşyryljak uçuşlar Aýa edilýän missiýalara garanyňda ep-esli çylşyrymlydyr. Munuň esasy sebäbi Gyzyl planeta çenli uçuşyň has uzak dowam etmegidir. Şeýle-de bolsa, ol kompaniýanyň öňde goýan uly maksatlaryny bellenilen möhletlerde durmuşa geçirip biljekdigine ynam bildirdi.

Mask SpaceX-iň has ýakyn geljek üçin göz öňünde tutýan meýilnamalary barada hem durup geçdi. Onuň sözlerine görä, kompaniýa ýakyn iki-üç ýylyň dowamynda ilkinji astronawty Aýyň üstüne gondurmagy maksat edinýär. Şondan soň bolsa Ýeriň hemrasyndaky adam gatnaşygyny çalt depginde giňeldip, onlarça müň adamyň ýaşap ýa-da dynç alyp biljek hemişelik binýadyny döretmegi meýilleşdirýär.