Fransiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Marokkonyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň ilkinji ýarym finalçysy boldy.
Duşuşyk «Jillett» stadionynda geçirildi. Hasaby 61-nji minutda ozal garşydaş ýygyndynyň derwezesine bellenen penaltini ýerine ýetirip bilmedik Kilian Mbappe açdy. Fransiýanyň ikinji pökgüsini Usman Dembele geçirdi.
Fransiýanyň milli ýygyndysy yzly-yzyna üçünji gezek dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykmagy başardy. Şeýlelikde, topar ozal diňe Germaniýanyň we Braziliýanyň ýygyndylaryna degişli bolan üstünligi gaýtalady.
Ýarym finalda fransuz futbolçylary Ispaniýa bilen Belgiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen güýç synanyşarlar. Bu oýun 11-nji iýulda geçiriler.
2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda geçirilýär.