10-njy iýulda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Bütindünýä ilat gününe bagyşlanan çäräniň açylyşynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew çykyş etdi.
Ol öz çykyşynda BMG-niň Ilat gaznasynyň ählumumy hasabatynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşlaryň çaga edinmäge bolan tüýs ýürekden isleglerine garamazdan, maşgala gurmakda we ene-ata bolmakda ykdysady hem-de durmuş häsiýetli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny görkezýändigini belledi.
Kemal Goşlyýewiň sözlerine görä, esasy wezipe bu ählumumy netijeleri milli derejede strategik çözgütlere öwürmekden hem-de Türkmenistanyň ýaşlaryna durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmak üçin zerur şertleri we goldawy üpjün etmekden ybaratdyr.
BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň çykyşy bilen başlanan çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylara ilatyň reproduktiw niýetlerini öwrenmek boýunça geçirilýän barlagyň ýerine ýetirilişi, Köp görkezijili toparlaýyn barlagyň ýedinji tapgyrynyň (MICS7) netijeleri, şeýle hem Türkmenistanda 2026–2030-njy ýyllar üçin gender deňligi boýunça täze Hereketleriň milli meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berildi.