Russiýanyň Döwlet Dumasy 8-nji iýulda, çarşenbe güni ýurtda işleýän zähmet migrantlaryna bildirilýän talaplary has-da güýçlendirýän kanuny ikinji we üçünji, ýagny soňky okaýyşda kabul etdi. Bu barada RIA Nowosti agentligi habar berýär.
Kabul edilen kanuna laýyklykda, fiziki şahslaryň ýanynda işleýän daşary ýurt raýatlary şahsy girdeji salgydy boýunça öňünden töleg geçirmäge borçly ediler. Mundan başga-da, zähmet migrantlaryndan özlerini hem-de maşgala agzalaryny sebit koeffisiýenti göz öňünde tutulyp hasaplanan ýaşaýyşyň iň pes derejesinden az bolmadyk möçberde üpjün etmek talap ediler.
Migrantlaryň çagalary üçin täze düzgünler
Zähmet migrantlarynyň çagalary Russiýanyň çäginde diňe ene-atalarynyň işlemäge rugsadynyň hereket edýän möhletde bolup bilerler. Olar 18 ýaşyna ýetenden soň 30 günüň dowamynda öz adyna iş patentini resmileşdirmäge ýa-da ýurtdan çykmaga borçly bolar.
Şeýle hem kanun daşary ýurtly işgäriň iş patenti ýatyrylan ýa-da onuň möhleti uzaldylmadyk ýagdaýynda, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bilen bilelikde Russiýany terk etmeli möhletini 15 güne çenli gysgaldýar. Ozal şeýle ýagdaýlarda ýurtdan çykmak üçin anyk möhlet kanunçylykda kesgitlenmändi. Daşary ýurt raýaty diňe wagtlaýyn bolmagyň rugsat edilen möhleti tamamlanandan soň, ýurtdan çykmaga borçlydy.
Girdejiler boýunça hasabat we döwlet paçlarynyň ýokarlandyrylmagy
Russiýada işleýän daşary ýurt raýatlary indi her ýyl hasabat döwri boýunça girdejileri baradaky kepilnamany, salgyt beýannamasynyň nusgasyny ýa-da salgytlaryň tölenendigini tassyklaýan resminamalary degişli döwlet edaralaryna tabşyrmaly bolar. Daşary ýurt raýatlarynyň girdejileri baradaky maglumatlar salgyt gullugy tarapyndan awtomatiki usulda Içeri işler ministrligine geçiriler.
Şol bir wagtyň özünde, kanun migrantlar üçin döwlet paçlaryny ep-esli ýokarlandyrýar. Hususan-da: Russiýanyň raýatlygyny resmileşdirmek üçin döwlet pajy 4 200 rubldan 50 000 rubla çenli (12 esse) ýokarlandyrylýar; wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsady resmileşdirmek boýunça döwlet pajy 1 920 rubldan 15 000 rubla çenli (takmynan 8 esse) artdyrylýar; ýaşamak üçin ygtyýarnamany (ýaşaýyş rugsadyny) resmileşdirmek boýunça döwlet pajy bolsa 6 000 rubldan 30 000 rubla çenli (5 esse) ýokarlandyrylýar.