Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Hatda M.Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň merhum ruhy Lideri Aýatolla Seýet Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk çäresine şahsy gatnaşandygy, şeýle-de eýran halkyna bildiren duýgudaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada «khabaronline.ir» saýty habar berýär.
Prezident M.Pezeşkian öz hatynda eýran halkynyň Türkmenistan tarapyndan görkezilen bu goldawy hiç haçan unutmajakdygyny belledi. Pezeşkian Eýranyň merhum ýolbaşçysynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň «goňşuçylyk çäklerinden çykyp, doganlyk häsiýetine eýedigi» baradaky sözlerini ýatlady we Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy 2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Eýrana sapar edip, merhum ruhy Lider Aýatolla Seýet Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk çäresine gatnaşdy, şeýle-de Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian we Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen gepleşikleri geçirdi.