«Mançester Ýunaýted» bilen Traffordyň şäher häkimiýeti Trafford Wharfside taslamasynyň baş meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar. Bahasy 2 milliard funt sterling bolan bu taslamanyň çäklerinde klubyň täze stadiony gurlar — diýip, The Telegraph neşiri habar berýär.
100 müň tomaşaça niýetlenen täze stadion häzirki Old Trafford stadionyndan takmynan 350 metr uzaklykda bina ediler. Baş meýilnama penşenbe güni irden klubyň öz stadionynda tanyşdyryldy. Bu «Mançester Ýunaýtediň» stadionyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän 25 akr ýer bölegini satyn alandygyny yglan etmeginden bir aý soň boldy.
Wharfside Way, Europa Way we John Gilbert Way köçeleriniň arasynda ýerleşýän üçburç şekilli ýer bölegi iri senagat we logistika gozgalmaýan emläk operatory bolan Indurent kompaniýasyndan satyn alyndy. Bu kompaniýa Blackstone maýa goýum ägirdine degişlidir. Ozal klub bu ýer üçin Freightliner bilen uzak wagtlap gepleşik geçiripdi, emma taraplar bahada ylalaşyp bilmändiler. Käbir maglumatlara görä, Freightliner ýer üçin 400 million funt sterlinge çenli töleg talap edipdir.
Täze stadionyň häzirki stadionyň ýerinde däl-de, täze satyn alnan meýdançada gurulmagy gurluşyk döwründe «Old Traffordyň» doly kuwwatynda işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Taslamanyň şekillerinde häzirki stadionyň gurluşygynyň tamamlanandan soň sökülmegi göz öňünde tutulsa-da, klub bu mesele boýunça entek gutarnykly kararyň kabul edilmändigini mälim etdi.
«Mançester Ýunaýtediň» täze stadionynyň taslamasynyň ösüşi boýunça baş direktory Kollett Roş baş meýilnamanyň çap edilmegini Trafford we Beýik Mançester sebitiniň özgerýän merkezinde dünýä derejesindäki täze stadiony döretmek ýolundaky möhüm ädim diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, täze stadionyň häzirki «Old Traffordyň» golaýynda ýerleşmegi janköýerler üçin möhüm bolan däp-dessurlary we futbol gurşawyny gorap saklamaga, şol bir wagtyň özünde bolsa häzirki zaman infrastrukturasyny döretmäge mümkinçilik berer.
Bu taslama sebiti giň gerimli ösdürmek maksatnamasynyň esasy bölegi hökmünde garalýar. Meýilnama 48 müň täze iş ornuny döretmegi, 15 müň täze ýaşaýyş jaýyny gurmagy hem-de Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine her ýyl 7,3 milliard funt sterling möçberinde goşant goşmagy göz öňünde tutýar.
Trafford geňeşiniň ýolbaşçysy Tom Ross baş meýilnamanyň geljekki medeni-sport toplumynyň keşbini kemala getirmek boýunça uzak möhletli işleriň başlangyjydygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýerli häkimiýetleriň taslamanyň indiki tapgyrlarynda ilatyň we işewür toparlaryň pikirlerini diňlemek üçin giň gerimli maslahatlaşmalary geçirmegi meýilleşdirýändigini belledi.