Turkmenportal logo
Şu gün 15:57
59265926
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ýanka Kupalanyň doglan gününiň 144 ýyllygy bellenildi

7-nji iýulda Aşgabadyň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda belarus edebiýatynyň nusgawy wekili Ýanka Kupalanyň doglan gününiň 144 ýyllygy mynasybetli onuň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi. Çäräni Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurady.

Dabara Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Ýanka Kupalanyň «Spadçyna» («Miras») atly goşgusynyň türkmen dilindäki terjimesi okaldy. Bu goşgynyň setirleri «Pesnýary» belarus wokal-instrumental ansamblynyň şol bir at bilen döredilen aýdymynyň esasyny düzýär.