Turkmenportal logo
Şu gün 11:02
16041604
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistandaky tejribelik döwründe koreýaly talyplar ýurduň dilini we medeniýetini öwrendiler

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Kanwon milli uniwersitetiniň talyplarynyň tomusky tejribeligi geçdi.

Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ozal gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde guralan bu sapar taraplaryň akademiki gatnaşyklary berkitmäge we ýaşlara täze dil hem-de medeni gurşawa arlaşmak üçin mümkinçilikleri döretmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Koreýaly talyplaryň tomusky tejribeligi olara türkmen dili we medeniýeti ugrunda öz bilimlerini çuňlaşdyrmaga, şeýle hem ýokary okuw mekdebinde ulanylýan okatmagyň usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Öz gezeginde, TMDDI-niň talyplary we mugallymlary koreý akademiki gurşawynyň wekilleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik tapdylar.

— Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi we munuň yzy bilen koreýaly talyplaryň tejribeligi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek ýolunda möhüm ädim boldy — diýip, TMDDI-niň mugallymy Ogulsabyr Berdiýewa aýdýar. — Bu ylalaşyk akademiki alyş-çalyş, bilelikdäki barlaglar we iki ýurduň ösüşine saldamly goşant goşup biljek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Biziň talyplarymyz we mugallymlarymyz koreýaly kärdeşlerimizi uly höwes bilen garşyladylar. Bu tejribe alyşmagyň taraplara peýda getirjek hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlugy berkitmäge hyzmat etjek uzak möhletleýin we netijeli özara hereketleriň binýadyny tutandygyna ynanýarys.