Turkmenportal logo
Şu gün 10:08
924924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda okeanyň durnukly ösüşi boýunça forumyň işine gatnaşdy

Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 30-njy iýun — 3-nji iýul aralygynda Seulda geçirilen Okeanyň durnukly ösüşi boýunça başlangyjyň Ählumumy dialogynyň bäşinji mejlesine gatnaşdy.

Forumda Türkmenistan Hazar deňzini gorap saklamak boýunça esasy ekologiýa başlangyçlaryny tanyşdyrdy. Gatnaşyjylar Hazar deňziniň üýtgeşik ekoulgamyny goramak ugrunda döwletiň amala aşyrýan toplumlaýyn tagallalary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Sebit durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyny berkitmegiň, suw biologik baýlyklaryndan oýlanyşykly peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy goramak çökgünliginde halkara borçnamalary gyşarnyksyz berjaý etmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Seula bolan saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň koreýaly hyzmatdaşlary — Okeanlar we balyk hojalygy ministrliginiň, Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) hem-de Koreýanyň deňiz we okean uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklary geçirildi. Duşuşygyň dowamynda degişli ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak, deňiz barlaglaryny geçirmek we Koreýanyň kenarýaka çäkleri özleşdirmek boýunça öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.