Turkmenportal logo
Şu gün 08:00
20792079
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça DÇ-2026-nyň çärýek finalyna çykan ähli ýygyndylar belli boldy: duşuşyklaryň tertibi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykan ähli milli ýygyndylar belli boldy.

Çärýek finalyň jübütleri we duşuşyklaryň Aşgabat wagty boýunça geçiriljek senesi aşakdaky ýaly:

10-njy iýul, 01:00 – Fransiýa – Marokko;

10-njy iýul, 23:55– Belgiýa – Ispaniýa;

12-njy iýul, 02:00 – Angliýa – Norwegiýa;

12-njy iýul, 06:00 – Argentina – Şweýsariýa.

Dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda üç ýurtda – ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar.

Türkmenistanda ýaşaýan futbol janköýerleri dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryna Belet striming platformasy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.