Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ösdürilýän gatnaşyklara Azerbaýjanda ýokary baha berilýändigini aýtdy. Şeýle-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistan Azerbaýjan bilen dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki ýurdy taryhy we medeni däpleriň umumylygy, özara hormat goýmak, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berip, netijeli özara gatnaşyklar üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyna sowgat berlen «Dostluk» gämisi üçin Azerbaýjan tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.