Turkmenportal logo
Şu gün 07:13
33413341
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýanyň ýygyndysy DÇ-2026-nyň 1/8 finalynda Portugaliýany ýeňip, çärýek finala çykdy

Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Meksikada, ABŞ-da we Kanadada geçirilýän dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Portugaliýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň çärýek finalyna çykdy. Bu duşuşyk Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň 41 ýaşly hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň dünýä çempionatlaryndaky soňky oýny boldy.

Duşuşykdaky ýeke-täk gol esasy wagtyň üstüne goşulan ilkinji minutda Ispaniýanyň ýarym goragçysy Mikel Merino tarapyndan geçirildi.

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugynyň habar bermegine görä, oýundan soň Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Martines wezipesinden gidýändigini mälim etdi. Ol toparynyň dünýä çempionatynyň esasy dalaşgärleriniň biri bilen deň derejede oýun görkezendigini, emma şowlulygyň bu gezek portugaliýalylaryň tarapynda bolmandygyny nygtady.

Ispaniýanyň ýygyndysy özboluşly rekord goýdy: topar dünýä çempionatynda yzly-yzyna alty duşuşykda derwezesinde ýekeje-de gol goýbermedi. Bu tapgyr 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň 1/8 finalyndan bäri dowam edýär. Çärýek finalda ispanlar Belgiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Ronaldu häzirki dünýä çempionatynda bäş oýunda üç gol geçirdi. Onuň hasabynda alty dünýä çempionatynda jemi 11 gol bar.