Turkmenportal logo
Düýn 19:48
25412541
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda Koreýanyň habarçysy bilen duşuşyk geçirildi

16-17-nji sentýabrda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy işjeňleşýär. Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy habarlar agentligi bolan «Yonhap» agentliginiň habarçysy Song Dohýonyň Türkmenistana sapary bu ugurdaky möhüm wakalaryň biri boldy.

Saparyň çäklerinde «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň baş redaktory U.Ussaýew «Yonhap» agentligine interwýu berdi. Bu barada gazetiň redaksiýasy habar berdi.

Interwýudan soň Song Dohýon redaksiýanyň döredijilik topary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň nebitgaz pudagynda köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň iň üstünlikli mysallarynyň biri hökmünde bellenildi. Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasy taslamanyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda tebigy gazy kükürtden arassalaýan desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşdy.

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem uly goşant goşdy. «LG International Corporation» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda nebiti gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologik desgalar ulanmaga berildi.

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir üstünlikli mysaly hökmünde Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurulmagy görkezildi. Bu ýerde häzirki zaman ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar esasynda polietilen we polipropilen önümçiligi ýola goýuldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (KOICA) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Mary şäherindäki nebitgaz orta hünär okuw mekdebi üçin döwrebap okuw binasy guruldy. 

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň senagat, energetika, bilim, innowasiýalar we ekologiýa taslamalary ýaly ugurlary öz içine alyp, yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.