Turkmenportal logo
Düýn 18:15
42374237
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly mugallymlar Hytaýda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

28-nji iýun — 7-nji iýul aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 sany mugallymy Hytaý Halk Respublikasynyň Sian we Çende şäherlerinde ýerleşýän Sian nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetinde «Gazylyp alynýan magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» ugurlaryna degişli hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Okuwlar 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda gol çekilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guralýar. 

10 gün dowam edýän hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda, uniwersitetiň mugallymlary Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen tanşarlar. Mugallymlar iş saparynyň dowamynda Geologiýa muzeýlerine, «LONGi Green Energy Technology Co., Ltd.» kärhanasyna, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine baryp görerler.