Turkmenportal logo
Şu gün 12:56
10371037
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Diň – 2» trilleriniň ilkinji treýleri çykdy
Surat: rg.ru

«Lionsgate» studiýasy uly meşhurlyk gazanan «Diň» («Wyşka», Fall, 2022) atly trilleriniň dowamynyň tizer-treýlerini çap etdi. Täze bölüm «Diň: Çykalgasyz pursat» (Deadpoint) diýlip atlandyryldy.

Filmde birinji filmdäki taryh belli bir derejede gaýtalanýar – iki sany gyz ýene betbatgçylyga uçraýarlar. Ýordumyň merkezinde Jaks Hanter atly gyz (Harriýet Sleýter) ejesiniň ölümini agyr başdan geçirýär, ol ýitgini ýeňip geçmek üçin ejesiniň jorasy Lýus  (Arsem Tomas) bilen jora bolýar. Olar Tailanda howply daglyk ýerde özlerini synamak üçin gidýärler, emma syýahat olar üçin duzaga öwrülýär – gyzlar yza dolanmak kyn düşýän uçut gaýanyň üstünde galýarlar. Filmiň dünýä premýerasy 2-nji sentýabrda bolar.

Ýeri gelende aýtsak, «Diň» filminiň birinji bölümi 3 million dollar býujet bilen dünýä prokatynda 18 million dollar toplady.