Mongoliýanyň Nomgon jülgesinde Nomgon-1 we Nomgon-2 arheologik toplumlaryň gorag germewleriniň açylyş dabarasy boldy, ol ýerde Türki akademiýasy Mongoliýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa instituty bilen birnäçe ýyl bäri gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler diýip, «Azertaj» habar berdi.

Bu ýerde geçirilen işleriň netijesinde alnan gymmatly maglumatlar Ikinji Türk kaganatynyň taryhy barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Mysal üçin, 2022-nji ýylda toplumda geçirilen gazuw-agtaryşlar netijesinde gadymytürki we sogdy ýazgyly daş sütünleriň bölekleri ele salyndy, olarda Gutlug-kaganyň ady agzalýar.

Türki akademiýasynyň, Mongoliýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň hem-de Içerki Mongoliýa uniwersitetiniň alymlarynyň bilelikdäki işi toplumyň Ikinji Türk kaganatyny esaslandyran Ilteriş Gutlug-kaganyň döwri bilen baglydygyny anyklamaga mümkinçilik berdi.

Alymlar bu ugurdaky arheologik ylmy gözlegleri dowam etdirmekçi diýlip, habarda bellenýär.