Turkmenportal logo
Şu gün 11:41
16181618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň ýaşaýjylary iýul aýynda şahsy meseleler boýunça kabul edişlige çagyrylýar

Aşgabat şäher häkimligi paýtagtyň ýaşaýjylaryna 2026-njy ýylyň iýul aýynda şäher we etrap häkimlikleriniň binalarynda geçiriljek raýatlaryň kabul edişliginiň tertibi barada habar berýär.

Raýatlaryň ýüz tutmalaryna Aşgabat şäher häkimliginiň, şäheriň hukuk goraýjy edaralarynyň, kazyýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriň we edaralaryň wekillerinden ybarat ýörite döredilen toparlar tarapyndan garalar. Kabul edişligiň esasy maksady raýatlaryň ýüz tutmalaryny hemmetaraplaýyn öwrenmekden ybaratdyr.

Kabul edişligiň tertibi:

  • Aşgabat şäher topary — kabul edişlik 2026-njy ýylyň 11-nji we 25-nji iýulynda Aşgabat şäher häkimliginde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

  • Berkararlyk etrabynyň topary — kabul edişlik 2026-njy ýylyň 11-nji, 18-nji we 25-nji iýulynda Berkararlyk etrabynyň häkimliginde, sagat  10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

  • Köpetdag etrabynyň topary — kabul edişlik 2026-njy ýylyň 11-nji, 18-nji we 25-nji iýulynda Köpetdag etrabynyň häkimliginde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

  • Bagtyýarlyk etrabynyň topary — kabul edişlik 2026-njy ýylyň 11-nji, 18-nji we 25-nji iýulynda Bagtyýarlyk etrabynyň häkimliginde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

  • Büzmeýin etrabynyň topary — kabul edişlik 2026-njy ýylyň 11-nji, 18-nji we 25-nji iýulynda Büzmeýin etrabynyň häkimliginde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça ýüz tutanlarynda ýokarda görkezilen kabul edişlgiň tertibini göz öňünde tutmak maslahat berilýär.

Aşgabadyň ýaşaýjylary iýul aýynda şahsy meseleler boýunça kabul edişlige çagyrylýar | Turkmenportal.com