Aşgabat–Stambul ugry boýunça syýahat edýän ýolagçylar iýul aýynda hyzmat ediş derejesini ýokarlandyrmak üçin ýörite teklipden peýdalanyp bilerler. 2026-njy ýylyň 3–31-nji iýuly aralygynda bu ugur boýunça uçýan ähli ýolagçylara ekonom klas görnüşinden biznes-klasa geçmek üçin 30 göterim arzanladyş hödürlenýär.
Hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak awiakompaniýanyň resmi web sahypasy ýa-da ykjam goşundysy arkaly uçuşdan öň 24 sagadyň dowamynda resmileşdirilip bilner. Şeýle hem bu hyzmatdan hasaba alyş wagtynda bank karty arkaly tölegden peýdalanmak mümkindir. Teklip diňe biznes-klas salonynda boş orunlar bolan ýagdaýynda güýje girýär.
Bu çäräniň çäklerinde bir tarapa biznes-klasa geçmegiň bahasy 449 ABŞ-nyň dollaryndan 314,30 ABŞ-nyň dollaryna çenli arzanladyldy.
Şol bir wagtyň özünde ýolagçylar biznes-klasa geçenden soň hem ilkibaşda satyn alnan ekonom klas bileti boýunça bar bolan şertleriň saklanýandygyny göz öňünde tutmalydyrlar. Bu bolsa goş daşamagyň kadalarynyň we nyrhnama şertleriniň üýtgemeýändigini, diňe uçuş wagtynda hödürlenýän hyzmatyň derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar.