Turkmenportal logo
Şu gün 10:52
27732773
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Bakuwda Birinji türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti 29-njy iýun – 1-nji iýul aralygynda Birinji türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygy mynasybetli Baku şäherinde geçirilen medeni çärelere gatnaşdy. Ony Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurady. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Haýdar Aliýew adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen ylmy-amaly döredijilik duşuşygynda giň many-mazmunly täsirli çykyşlar edildi hem-de sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor topary meşhur «Küştdepdi» tansyny joşgunly ýerine ýetirdiler. Şeýle hem, dabara gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki kompozisiýasyna goşulyşyp çykyşlary etdiler.

«Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň artist-wokalisti Atajan Kakaýew TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň aýdymçylary bilen bilelikdäki çykyşlarda hem sungatymyzy giňden dabaralandyrdy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy Begenç Moşiýew «Çapyksuwaryň aýdymyny», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artist-wokalisti Gözel Joraýewa «Gel, Türkmenistana!» aýdymlaryny ussatlyk bilen aýtdylar.

Hazar deňziniň kenarynda geçirilen konsertde ýaňlanan aýdym-sazlar, halk döredijiliginden «Halk nagmalarynyň» ýerine ýetirilmegi, türkmen sungatynyň köpöwüşginlidigini açyp görkezdi.