Turkmenportal logo
Şu gün 09:56
27822782
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nokia» EA mümkinçilikli düwmeli telefonlary bilen tanyşdyrdy
Surat: mirnov.ru

«HMD Global» kompaniýasy Nokia 200 4G, Nokia 210 4G, Nokia 215 4G 2nd Edition we Nokia 235 4G 2nd Edition brendleri astynda düwmeli eltelefonlaryň birbada täze dört kysymy bilen tanyşdyrdy. Nusgawy daş görnüşine seretmezden, gajetler häzirki zaman mümkinçiliklerine, şol sanda ornaşdyrylan emeli aňa hem-de wideojaňlar goldawyna eýe boldular diýip, «MT.Today» neşiri habar berdi.

Telefonlarda wideojaň etmäge mümkinçilik berýän «Xpress» messenjeri ornaşdyryldy. Şeýle-de jaňlara jogap berýän, fonary işe girizýän we ukudan oýaryjy sagatlary peýdalanmagy dolandyrýan emeli aň sesli kömekçisi bar. Täzelikleriň kiçi-priloženiýeleri, howa maglumaty, gysga wideorolikli we onlaýn-kontentli bulut hyzmatlary hödürlenýär.

Telefonlar sary, gara, gök we ak reňklerde satuwa çykar. Enjamyň bahasy heniz belli däl.