Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Latwiýanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, pagta ýagy, pagta süýümi, nah ýüplük we mata, çig ýüpek, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklary ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 72 million 634 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), tikin önümlerini, pagta ýagyny, nah ýüplügi, çig ýüpegi, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.