Amerikaly aktýor Tom Kruz öz saçynyň ýagdaýyna ideg etmek hem-de onuň aňrybaş gelşikli görnüşde saklanmagy üçin hünärmenler toparyny toplady. Onuň saçyny yzygiderli barlaýarlar, eger saçynyň gyllarynyň döwlen halatlary anyklansa, bejermek üçin çäreleri görýärler.
Aktýoryň daş-keşbine birbada birnäçe hünärmen jogap berýär. Olaryň hatarynda saç idegçisi bar, ol aktýoryň saçyny ýuwýar, kellesini owkalama edýär, ýörite dellek bolsa, saçyny gelşikli daraýar. Şeýle hem tehniki işgärler bogaý serişdeleriniň dogry ulanylmagyna jogap berýär.
Aktýor saçyny gorap saklamak üçin saç ekmekden, parik geýmekden we ösdürmekden ýüz öwürýär. Bu barada «Radar Online» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.