Turkmenportal logo
04.07.2026
1291212912
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz şäherindäki pagta egriji kärhanasynda täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji kärhanasynda gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Gurluşykda we mebel önümçiliginde zerur bolan serişdeleriň 7 müň 200 tonnasyny öndürýän önümçilik desgasynyň işe girizilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, täze önümçilik desgasy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman we ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edildi. Galyndysyz usulda işleýän önümçilik binasy daşky gurşawa zyýansyz bolmak bilen onuň önümçiliginiň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär.

Täze önümçilikde iş orunlarynyň 60-synyň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde özboluşlylygy, ýeňilligi we ýylylyk taslaýjylyk ukyby bilen tapawutlanýan hem-de dünýäde uly isleg bildirilýän nah we ýüň önümleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy gamyş we gowaça çöpüniň döwrebap enjamlar bilen gaýtadan işlenmegi Türkmenistanda mebel önümçiliginiň we gurluşyk ulgamynyň serişdeler bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, täze önümçilik desgasynda çydamlylygy we özboluşly gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýan çig mallar esasan ýörite maksatly matalary, dokma önümlerini taýýarlamak üçin niýetlenendir.

Daşoguz şäherindäki pagta egriji kärhanasynda täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy | Turkmenportal.com