Turkmenportal logo
04.07.2026
1270012700
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguzly gallaçylar şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler

Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Bu belent sepgidiň eýelenmegi mynasybetli Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýörite eýwanynda toý sadakasy berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

​Asylly zähmeti bilen bolçulygyň bereket akabasynyň sakasynda durýan hasyl ussatlarynyň gazanan bu belent sepgidi olaryň tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Bu ajaýyp zähmet üstünliginiň gazanylmagy ýurtda oba hojalyk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de ýurduň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

​Şeýle zähmet ýeňşiniň gazanylan gününde berilýän toý sadakasynda halkyň däp-dessurlaryny, milli ýörelgelerini dabaralandyrýan ýene-de bir şanly waka hormat bilen bellenildi. Munuň özi maddy gymmatlyklaryň medeni miras, ruhy gymmatlyklar bilen mizemez sazlaşygynyň dowamat-dowamdygyny aýdyň görkezdi. Täze eýýamda ajaýyp wakalaryň hormatyna geçirilmegi asylly däbe öwrülen toý sadakasynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän nurana metjidiň halkdan gelip gowşan köp sanly haýyşlaryň we teklipleriň nazarda tutulyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrylmagy bolsa ýurtda sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygynyň beýany boldy.