Singapurly alymlar madagaskar saçakçylaryna suwuň astynda üç sagada golaý saklanmaga mümkinçilik berýän eşikleri döretdiler.
Ylmy barlaglaryň ýolbaşçysy Hirotaka Sato şeýle egin-eşik geýindirilen mör-möjekleri gözleg-halas ediş işlerinde ulanyp boljakdygyny aýdýar. Sebäbi olar saçakçylaryň duýgy agzalaryna birleşdirilen elektrodlaryň üsti arkaly uzak aralykdan dolandyrylýar. Kiborg-saçakçylar tebigy betbagtçylyklarda, mysal üçin, adamlary ýykylan binalaryň astyndan gözlemekde kömek edip bilerler.
Sato mör-möjekleriň mümkinçiliklerini artdyrmak isläp, olar üçin penjekleri 3D-çap usulynda taýýarlady. Alymyň sözlerine görä, bu tehnologiýany açyk älemde, mysal üçin, Marsyň üstüni öwrenmekde peýdalanyp bolar. Alym munuň kiborg — mör-möjekler üçin skafandrlary döretmekde uly öňegidişlikdigini aýdýar, onuň topary bolsa bu ugurda synaglary dowam edýär diýip, «New York Post» neşiri ýazýar.