Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) «MV Hondius» kruiz gämisinde başlan we hantawirus bilen bagly ýagdaýyň tamamlanandygyny yglan etdi. Bu barada «BBC News» habar berýär.
BSGG-niň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň belleýşi ýaly, gäminiň kesellänler bilen aragatnaşykda bolan iň soňky ýolagçysy hem karantin möhletini tamamlady, hantawirus barlagyndan geçdi we öýüne dolandy. 25-nji maýdan bäri kesellemegiň täze ýagdaýlary hasaba alynmady. Guramanyň ýolbaşçysy: «BSGG hantawirus ýokanjynyň tamamlanandygyny yglan edýär» — diýip beýan etdi.
Waka 1-nji aprelde Argentinadan ýola düşen «MV Hondius» kruiz gämisinde başlanypdy. Şol wagt gämide 23 ýurtdan 147 ýolagçy we ekipaž agzalary bardy.
Keseliň ilkinji alamatlary 6-njy aprelde ýolagçylaryň birinde ýüze çykdy — ol soňra gäminiň içinde ýogaldy. Onuň aýaly hem keselledi we Günorta Afrika Respublikasyna (GAR) äkidilenden soň aradan çykdy. BSGG-niň maglumatlaryna görä, gämi saparyndan öň bu maşgala Argentinada, Çilide we Urugwaýda ornitalogik (guşlary öwreniş) syýahatda bolupdyrlar. Olaryň syýahat ugry wirusy ýaýradyjy gemrijileriň ýaşaýan ýerlerinden geçipdir.
10-njy maýda gämi Tenerifä (Ispaniýa) geldi. Ol ýerde ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň köpüsi gämiden düşürildi we soňra öz ýurtlaryna ugradyldy.
Jemi bu ýokanç zerarly 13 adam keselledi, olaryň üçüsi aradan çykdy. Keseliň sebäpkäri hantawirusyň seýrek duş gelýän «And» görnüşi bolup çykdy.