Turkmenportal logo
Şu gün 12:44
17781778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-da ýangyn söndürijiler köçä dökülen näbelli maddany ýok etmäge bardylar, ol üwmeç bolup çykdy
Surat: ria.ru

Amerikanyň Ogaýo ştatynda ýangyn söndürijileri näbelli maddanyň ýere dökülmegi bilen baglylykda, gyssagly çagyrdylar, ol bolsa ajy üwmeç ekeni diýip, «ria.ru» habar berdi.

Ýerli ýangyn söndüriş gullugynyň habaryna görä, onuň işgärleri gara ýola ýük ulagyndan näbelli suwuklygyň dökülmegi bilen bagly habardan soňra ol ýere ýollanypdyr. Sürüji gara ýoldan golaýdaky duralga çekilip saklanypdyr, ýangyn söndürijiler howply serişdeler bilen bagly işe taýýarlanypdyrlar.

«Görlüp oturylsa, syrly suwuklyk tirkegden dökülen 18 tonna golaý Frank's RedHot ajy üwmeji ekeni» diýlip, habarda bellenýär.

Wakadan soňra sosial tor ulanyjylar bu önümiň «Men bu zady ähli tagama goşaryn» diýýän mahabat sözüni mysal getirip, degişdiler.